Пропустить навигацию.
Главная

Отзывы иностранных слушателей

Men Rozyýewa Gülnara, joram Maysa Saparowa bilen hytaý dilini öwrenmek maksady bilen uniwersitetimizdäki açylan tölegli kurslara gatnadyk.

Bize ýörite Hytaý Halk Respublikasyndan gelen mugallymlar Çžan Sýawhun we Wan Gausun bilim berdiler.Bu biziň hytay dili boýunça ikinji sertifikadymyz bolýar.Biz ikinji kursymyzdan bäri hytaý dilini öwrenyäris.Biz birinji sertifikadymyzy 2017-nji ýylda aldyk. Birinji sertifikadymyzy alanymyzda biz Çžan Syawhun bilen hytay dilini öwrendik.

Bu dil aňsat dal-öran kyn ,ýöne muna seretmezden örän gyzykly we täsin dil.Biz joram bilen hytaý dilini öwrenen wagtymyz örän ýadaýardyk.Haçanda biz ieroglifleri okap bashlanymyzda öz ýadawlyklarymyzy hiç hili duýmaýardyk.Hytaý dili ierogliflardan we dört tondan ybarart.Bir söziň içinde üç dürli ton hem gelip bilyär.Ieroglif okap bashlanymyzda ,biz özlerimizi harpsyz çekilen suratlary okan ýaly duýýardyk..Hytaý dili örän täsin dil eken .Bu dili öwrenip bashlanymyzdan soň bizin dünýägaraýshymyz giňeldi we biz uniwersitetimizde okaýan hytaý talyplary bilen dostlashdyk.Olar öran myhmansöýer we mylakatly halk.Biziň mugallymlarymyz hytaý dilini öwretmek üçin gije-gündiz ýadaman bize kömek etdiler.Biz öz mugallymlarymyza Çžan Sýawhuna we Wan Gaosuna özimiziň tükeniksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.We ýenede shular ýaly goshmaça kurslary gurnayan Olga Yemelýanowna hem öz çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Egerde öziňizde täsin ukyp we üýtgeshik basharjaňlyk duýmak isleseňiz hytaý dilini öwrenmekligi maslahat berýäris!